ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Tramp söhbetdeşligiň mazmuny barada «Truth Social» sosial ulgamynda ýazdy diýip, «Regnum.ru» habar berýär.
Amerikanyň täze Prezidenti telefon söhbetdeşligini örän peýdaly hökmünde häsiýetlendirip: «Men ýaňy HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşdim. Bu jaň Hytaý üçinem, ABŞ üçin hem örän peýdaly boldy» diýip ýazdy.
Iki döwletiň ýolbaşçylary dünýäde parahatçylygy gazanmaklygy, söwda gatnaşyklaryny we beýleki köp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Tramp eger tiz girişseler, ABŞ bilen Hytaýyň bilelikde köp meseleleri çözmegi başarjakdyklaryna umyt bildirdi.
Öň, ýagny 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Si Szinpin Pekiniň Trampyň diwany bilen işleşmäge taýýardygyny aýdypdy. Ol Hytaýyň ABŞ bilen gatnaşyklary durnuklaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtapdy.
Szinpin söhbetdeşlik wagty HHR bilen ABŞ-nyň iki ýurduň hem-de tutuş dünýäniň bähbidine hyzmatdaşlar we dostlar bolup biljekdiklerini aýtdy diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.