18-nji ýanwardan 19-na geçilýän gije Türkmenistanyň başa-baş söweş boýunça sport janköýerleri üçin ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Intuit Dome» arenasynda geçiriljek köp garaşylan UFC 311 ýaryşyny görmek mümkinçiligi dörär.
Bu agşamyň esasy söweşinde ýeňil agramdaky diwizionyň çempiony Islam Mahaçew reýtingiň birinji belgili türgeni Arman Sarukýan bilen gaýtadan çempionlyga dalaş etmek ugrunda tutluşyk geçirer. Baş söweşiň öňüsyrasynda ýeňil agram derejesinde çempionlyk adyny göterýän Merab Dwaliştili reýtingiň ikinji ornuny eýeleýän we henize çenli ýeňilmedik Umar Nurmagomedow bilen boljak tutluşykda ilkinji gezek öz çempionlyk guşagyny gorar.
Ýaryş göni ýaýlymda «Матч-Боец» we «Setanta Sports 1» teleýaýlymlarynda Aşgabat wagty bilen sagat 04:00-da başlar.
Janköýerler üçin amatly bolan milli Belet-wideo platformasynda göni ýaýlym gurnaldy, ol ýerde islendik enjamdan söweşleri yzarlamak mümkinçiligi bolar. Agşamyň esasy söweşi bolan Mahaçew bilen Sarukýanyň arasyndaky tutluşyk Aşgabat wagty bilen irden sagat 08:00-dan soň başlar diýlip çaklanylýar.