Hytaýyň ýaşaýjysy Sýu Çaýşi 2025-nji ýylyň ýanwarynda 124 ýaşyny belledi, ol uzak ýaşamagynyň syryny üç wagtyna naharlanmagy we hemişe ruhubelent bolmagy bilen düşündirdi. Ýaşyna garamazdan, ol durmuş meselelerini özbaşdak çözýär: saçyny özi daraýar, peje odun salýar, gazlary iýmleýär, basgançakdan emgenmän çykýar.
Sýu Çaýşi häzir Syçuan ülkesiniň Nançun şäherinde ýaşaýar. Uzak ýaşly ene berk gün tertibine eýerýär, ýagny günde üç wagtyna naharlanýar, iýip-içenden soňra gezim edýär we agşam sekiz töwerekleri ýatýar. Sýunyň halaýan nahary – kädiden, gyş gawunyndan, mekgejöwen ýarmasyndan edilen hem-de eredilen içýag goşulan şüle.
Kyrk ýaşynda dul galan ene dört çagasyny maliýe kynçylyklaryna döz gelip, ýeke özi terbiýeläp ýetişdiripdir.
100 ýaşandan soňra Sýu Çaýşiniň gözi çöňňelip, gulagy agralypdyr, emma onuň akyly dury, degişmegi halaýar. Agtygy onuň kyn pursatlarda-da hasrat çekip oturman, ruhubelent bolýandygyny gürrüň berýär. Sýu Çaýşi häzir agtygy bilen üç gatly jaýda ýaşaýar.
Bu barada «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.