Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Diplomatic World» instituty 2025-nji ýylda Türkmenistanyň parahatçylygy üpjün etmäge goşan goşandyny şöhlelendirer

13:5517.01.2025
0
17853

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, «Diplomatic World» institutynyň esaslandyryjysy hanym Barbara Ditrih bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan üçin bitaraplygyň ähmiýetini, ýurduň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki goşandyny açyp görkezmek bilen bagly bilelikdäki çäreleri guramak barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl üçin niýetlenilen meýilnamalar, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler boldy. Teklip edilýän çäreler bitaraplyk ýörelgelerini we Türkmenistanyň parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny wagyz etmek boýunça metbugat platformalary üçin gysgaça söhbetdeşlikleri we pikir alyşmalary geçirmegi öz içine alýar. Şeýle-de sungaty we parahatçylyk temasyny birleşdirýän medeni çäreleri guramak teklip edildi.

Barbara Ditrihiň Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň işjeň we ygtybarly hyzmatdaşydygyny ýatladýarys. Ol 2023-nji ýylda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna hem gatnaşypdy. Şol ýyl «Diplomatic World» halkara žurnalynda türkmen alabaýy hakda makala çap edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň