Lýuksemburgyň Beýik gersogy Anri özüniň Roždeswto gutlagynda ogly Giýomyň hatyrasyna 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda tagtdan ýüz öwürjekdigini yglan etdi. Gersogyň Täze ýyl gutlagyny «Lux TV» teleýaýlymy görkezdi diýip, TASS habar berdi.
«Meniň ýaşymdaky watandaşlarymyzyň köpüsi üçin iş başyndan dynç almaga gitmegiň wagty geldi. Bu tebigy ýagdaýdyr we deň derejede maňa-da degişlidir. Bu gün Beýik gersoglyk we men size şazada Giýomyň we onuň aýaly şa zenan Stefaniýanyň 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda biziň mirasdüşerimiz boljakdygyny habar berýändigim üçin şatdyrys» diýip, Beýik gersog Anri çykyşynda aýtdy.
Geljek 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Beýik gersog özüniň 70 ýaşyny baýram edýär. Ol kubaly Mariýa Tereza Mesträ öýlendi, ol konsortyň beýik gersog zenany derejesiniň eýesidir. Olaryň 43 ýaşly ogly Giýomyň aýaly belgiýaly Stefaniýa De Lannua.
Lýuksemburg Germaniýanyň, Fransiýanyň we Belgiýanyň serhetleriniň çatrygynda ýerleşip, Ýewropada iň kiçijik döwletleriň biridir. Ilaty 668,6 müň adam bolan döwlet ilatyň jan başyna düşýän JIÖ-niň derejesi boýunça Ýewropanyň iň baý ýurdy hasaplanýar. Lýuksemburgyň ykdysadyýetiniň esasy pudagy maliýe hyzmatlary bolup durýar.