Täze ýyl baýramçylygynda ýakynlaryňyzy datly tagamlar bilen garşylap, ýatdan çykmajak atmosferany döretmek isleýärsiňizmi? «Katmer» kafesi ajaýyp Täze ýyl sowgady boljak hem-de baýramçylyk saçagyňyza özboluşly bezeg berjek türk desertlerini hödürleýär.
Kafeniň menýusynda köpüsi gadymy türk reseptlerine görä taýýarlanylýan we şäheriň beýleki kafeleriniň hiç birinde gabat gelmeýän süýjülikler hödürlenilýär. Her desert emeli goşundylary ulanmazdan, örän ünslülik bilen saýlanyp alnan ter we tebigy önümlerden taýýarlanylýar.
Gyzyklanma bildirýänler süýjülikleri kafeniň özüne gelip ýa-da (+993 63) 24 99 44 telefon belgisine jaň etmek arkaly sargyt edip bilerler. Kafede oturyp naharlanmak üçin hem görkezilen belgä jaň edip, öňünden ýer sargyt edip bilersiňiz.
Katmer kafesi Ankara köçesiniň (ozalky Ýubileýnaýa) 19-njy jaýynda ýerleşýär.
Fotoreportaž: Katmer - ýatda galyjy tagam