Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-iordan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 27-nji noýabrda bolan geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde aýratyn orun eýeleýändigini bellediler.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygy nygtaldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen taraplar iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Iordan Haşimit Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem medeniýet, syýahatçylyk, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak mümkinçiliklerine hem garaldy.