Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti «Oguzhan» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi.
Gazak Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ilki bilen ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň doganlyk Gazagystan bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe süren ählumumy başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin Gazagystana minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Energetika, ulag, söwda, oba hojalygy we ýokary tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň maksat edinilýändigine üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ugruň hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk esas bolup hyzmat edýän iň ýokary derejede yzygiderli duşuşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Ol Türkmenistanyň Gazagystan üçin örän ýakyn strategiki hyzmatdaş bolup durýandygyny bellemek bilen, öz ýurdunyň mundan beýläk-de energetika, ulag-logistika pudaklarynda we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagynda galjakdyny nygtady.
Ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikleriň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek üçin bilelikde işlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler.