Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropada möjekleri köpçülikleýin gyryp başlarlar

16:1826.09.2024
0
5346
Ýewropada möjekleri köpçülikleýin gyryp başlarlar
Surat: gazeta.ru

Ýewropada möjekleri köpçülikleýin atyp başlarlar, bu çözgüt bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen çykyş etdi diýip, «Bild» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Eger kesgitli sebitlerde ýitip ýok bolmak howpy abanmaýan bolsa, biz möjeklere başgaça çemeleşmelidiris, mysal üçin, olary awlamalydyrys» diýip, syýasatçy nygtady.

Ýewropa Bileleşiginiň 27 agza ýurdunyň hemişelik ilçileri möjekleriň goraglylyk derejesini peseltmek barada ses berdiler. ÝK-niň başlygy çözgüdi goldady, ol geçen ýyl bu ýyrtyjylary atmak barada çykyş edipdi.

«Bild» gazeti şeýle teklipleriň öň hem agzaw edilendigini, emma indi ýabany nemes möjekleriniň Lýuksemburga göçmegini hasaba almak bilen, başlangyjyň goldaw tapandygyny ýazýar.

Neşir şeýle-de öň fon der Lýaýeniň Dolli atly poni ýabysyny möjek çeýnändigini ýatladýar. Wakadan soňra ýaba ýerli häkimiýetlere belli bolan «GW 950m» belgili howply möjegiň hüjüm edendigi anyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň