Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda BAE-niň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

15:2026.09.2024
0
5777

Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça jogapkär orunbasary Baýramgül Orazberdiýewa bilen BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada BAE-niň ilçihanasynyň maglumatlaryna esaslanyp, centralasia.news habar berýär.

Ilçi duşuşygyň başynda şeýh Mansur ben Zaid Al Nahaýýanyň we ýurduň daşary işler ministri şeýh Abdulla ben Zaidiň, şeýle-de beýleki birnäçe ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň salamyny ýetirdi.

Diplomat iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we onuň gerimini giňeltmegiň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi.

Öz gezeginde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, türkmen tarapynyň özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň tarapdarydygyny mälim etdi diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň