Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ugrundaky saýlama oýunlaryny ýeňliş bilen başlady

10:2526.09.2024
0
5374

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar futbol ýygyndysy 2025-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň ilkinji oýnunda ýaponiýaly deň-duşlaryndan utuldy.

Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşyň ýer eýesi bolan Gyrgyzystanyň, Ýaponiýanyň we Mýanmanyň ýygyndylary bilen birlikde «I» toparyna düşdi.

Ilkinji oýunda Türkmenistan Ýaponiýa bilen duşuşdy. Duşuşyk 0:2 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňlişi bilen tamamlandy. Ýaponiýanyň ýygyndysynyň hatarynda onuň hüjümçisi Soma Kanda derwezeden iki pökgi geçirip, tapawutlanmagy başardy.

Türkmenistanyň ýygyndysy indiki oýnuny 27-nji sentýabrda Gyrgyzystana garşy geçirer. Türkmenistan üçin saýlama ýaryşy 29-njy sentýabrda Mýanma bilen boljak duşuşyk bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň