Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

01:5526.09.2024
0
7186

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

— Taryhy we medeni kökleri bir bolan doganlyk halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna şatdyryn. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn, ilkinji nobatda bolsa, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin — diýip, türk Lideri gutlagynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň