Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belgiýada dizaýn festiwaly geçýär

17:1225.09.2024
0
7513
Belgiýada dizaýn festiwaly geçýär
Surat: ru.euronews.com

Belgiýanyň paýtagtynda «Dizaýn biraýlygy» dowam edýär. Onda dünýäniň dürli ýurtlaryndan ussatlaryň 300-den gowragy öz işlerini hödürleýärler diýip, «euronews.com» ýazýar.

Her ýyl sentýabrda Brýusell şäheriniň ýaşaýjylarydyr jahankeşdeler amaly-haşam sungatynda, fabrik önümçiliginde we gurluşykda täze ugurlar bilen tanyşýarlar.

Festiwal bilen baglylykda, sentýabrda paýtagtda onlarça çäre geçiriler. Olaryň käbirinde anyk iş ugurly innowasion dizaýnçylyk taslamalary görkeziler.

Köp gezek ulanmak we uýgunlaşmak – bu beýleki bir serginiň şygary bolup, ol durnukly gurluşyga we daşky gurşawa mümkingadar az zyýan ýetirip ýaşamaga bagyşlanandyr.

Antuan Graý, şähergurluşykçy: «Binalaryň ýumrulmagy we täzeden gurulmagy barha ýygjam häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ägirt uly ekologik meselelere getirýär. Aslynda biz binalary guranymyzda, onuň çeýe we birnäçe nesilleriň ýaşamagy üçin amatly bolmagy barada aladalanmalydyrys. Munuň üçin nähilidir bir tertibi işläp düzmek gerek».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň