Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Walentina Matwiýenko Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlyklygyna täzeden saýlandy

14:4525.09.2024
0
5150

Walentina Matwiýenkony Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy wezipesine täzeden saýladylar. Bu çözgüt üçin senatorlaryň 155-si goldap ses berdi, garşy çykanlar we saklananlar ýok diýip, «MIR 24» habar berdi.

Federal Geňeşiň Başlygy senatorlara goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýurda hyzmat etmekde has-da yhlasly işlejekdigine ynandyrdy.

«Meniň üçin Federal Geňeşe ýolbaşçylyk etmek we öz işine ussat, sazlaşykly işleýän döwlet topary bilen işleşmek uly hormatdyr. Men biziň Russiýa üçin ýene-de köp peýdaly işleri bitirjekdigimize ynanýaryn. Munuň üçin elde barymy ederin» diýip, Matwiýenko nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň