Walentina Matwiýenkony Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy wezipesine täzeden saýladylar. Bu çözgüt üçin senatorlaryň 155-si goldap ses berdi, garşy çykanlar we saklananlar ýok diýip, «MIR 24» habar berdi.
Federal Geňeşiň Başlygy senatorlara goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýurda hyzmat etmekde has-da yhlasly işlejekdigine ynandyrdy.
«Meniň üçin Federal Geňeşe ýolbaşçylyk etmek we öz işine ussat, sazlaşykly işleýän döwlet topary bilen işleşmek uly hormatdyr. Men biziň Russiýa üçin ýene-de köp peýdaly işleri bitirjekdigimize ynanýaryn. Munuň üçin elde barymy ederin» diýip, Matwiýenko nygtady.