Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ecodrink» kofehanasy açyk asmanyň astynda guraljak nusgawy sazlaryň agşamlygyna çagyrýar

13:5725.09.2024
0
9574

Şu günleriň maýyl sentýabr agşamyny ajaýyp aýdym-sazlar bilen gurşalan, rahat atmosferada geçirmek isleýärsiňizmi? Onda «Ecodrink» kofehanasy nusgawy sazlary söýýänleriň hemmesini edil şeýle gurşawda guraljak ýörite agşamlygyna çagyrýar.

26-njy sentýabrda sagat 19:00-da kofehananyň açyk eýwanynda zehinli skripkaçy Kerim Ahmedow çykyş eder. Onuň skripkada ussatlyk bilen sazlary ýerine ýetirmegi özboluşly atmosferany döredip, bu ýere gelýän myhmanlara ajaýyp sazlardan lezzet almaga mümkinçilik berer.

«Ecodrink» — bu şäher güwwüldisinden, şahsy hysyrdylardan gutulyp dynç almak, ajaýyp içgilerden we tagamly iýmitlerden lezzet almak üçin tüýs göwnejaý ýerdir.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 65) 62 67 67;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň