Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy wezipelerini kesgitledi

16:5124.09.2024
0
5320

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde uly wezipeler durýandygyny belledi. Bu barada TDH habar berýär.

"Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwerlik kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi, Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmünde ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologiýa, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi möhüm hasap edýärin" diýip, Gahryman Arkadyg belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň