Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli 736 adamy tussaglykdan boşatdy

22:0620.09.2024
0
14280

Şu gün geçiren giňişleýin Hökümet mejlisiniň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedow:

— Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys — diýip belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.

B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, iş kesilen 736 raýatyň, ýurduň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň