Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyby grant utup, Ýaponiýa sapara gitdi

22:0520.09.2024
0
11964

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Göwher Berdiniýazowa «Ýapon dilini öwrenýänler üçin Ýaponiýadaky okuw» atly maksatnama boýunça grant utdy.

Göwher ýapon dilini bilişiniň ýokary derejesini görkezmek bilen, bu granta gatnaşmak üçin ýüz tutan dalaşgärleriň arasynda iň köp ball gazanyp, ýeňiş gazanmagy başardy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

«Ýapon dilini öwrenýänler üçin Ýaponiýadaky okuw» atly maksatnama dünýäniň 43 ýurdundan gelen talyplary bir ýere jemledi, olar üçin 4-18-nji sentýabr aralygynda iki hepdelik okuw geçirildi. Bu maksatnama gatnaşmak hukugy ýapon dilini iň gowy bilýän okuwçylara - her ýurtdan bir wekile berildi.

Okuw Osaka şäherinde Ýapon gaznasynyň Ýapon dili institutynda (The Japan Foundation Japanese-Language Institute, Kansai) geçirildi.

Daşary ýurtly talyplar üçin uly medeni maksatnama taýýarlandy. Okuwa gatnaşanlar Ýaponiýanyň Osaka, Kýoto, Hiroşima we Tokio şäherlerine gezelenç etdiler. Milli muzeýlere we kitaphanalara baryp gördüler we myhmansöýer ýapon maşgalasynyň öýüne baryp gördüler. Olara ýaponlaryň milli däp-dessurlary, durmuşy we adaty ýaşaýyş durmuşy bilen içgin tanyşmak miýesser etdi.

Ýapon dili Türkmenistanda barha meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda bu dili öwrenýänleriň sany 13 müňden geçýär.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzdaky okuw meýilnamasy ýapon modeli boýunça alnyp barylýan ýeke-täk uniwersitetdir. Bu uniwersitetde okuw dersleri iňlis we ýapon dillerinde alnyp barylýar, bu dilleri çuňňur öwrenmek bolsa ýokary okuw mekdebiniň okuw işine talyplaryň ilkinji okuw ýylyndan başlap girizilendir – diýip, saýtda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň