Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň telekeçilerini Delidäki Halkara senetçilik ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýarlar

17:4420.09.2024
0
6021

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen telekeçilerini we ýöriteleşdirilen edaralaryň wekillerini 58-nji Halkara senetçilik ýarmarkasyna (IHGF Deli Fair) gatnaşmaga çagyrýar, ol 2024-nji ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Deliniň etegindäki Uly Noýda şäheriniň India Expo Centre & Mart sergi merkezinde geçiriler. Bu barada Türkmenportala Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde habar berdiler.

Bu uly göwrümli çäräniň guramaçysy hökmünde Hindistanyň senetçilik eksportyny ösdürmek baradaky geňeşi (ЕРСН) çykyş edýär. IHGF Deli Fair ýarmarkasy bu çäräniň senetçilik we dizaýn dünýäsinde möhüm waka boljakdygyny wada berýär, bu ýerde bir platformada 14 sany ugurdaş bölümler hödürlener, ol senetçilik sungatynyň häzirki meýillerini görkezjek 2000-den gowrak dürli önümleri we 300-den gowrak dizaýn işläp taýýarlamalaryny öz içine alýar.

Türkmenistandan gyzyklanýan gatnaşyjylar üçin bu halkara çäresi işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak we senetçilik hem-de dizaýn pudagyndaky soňky gazanylan üstünlikleri öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Ýarmarka gatnaşmak isleýänler çäräniň resmi web saýtynda hasaba alnyp bilerler: www.ihgfdelhifair.in/register

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen habarlaşmak üçin: (+993 12) 45-61-52, 45-61-53 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň