Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Aziýa klublarynyň ýaryşlarynyň täze möwsüminde taryhy gol geçirdi

15:5620.09.2024
0
20079

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Aşgabadyň «Altyn Asyr» komandasynyň hüjümçisi Myrat Annaýew 2024/2025 möwsüminiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň Merkezi Aziýa komandalary üçin toparçalaýyn tapgyrynda ilkinji pökgini tora girizdi. Bu üstünlik diňe bir «Altyn Asyr» üçin däl, eýsem AFK-nyň iň ähmiýetli iki klub ýaryşynda - AFK Elita Çempionlar ligasynda hem-de AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş edýän tutuş sebit üçin möhüm boldy.

Taryhy pursat Bagdatda Yragyň «Eýr Fors» toparyna garşy geçirilen oýnuň 70-nji minutynda bolup geçdi. Annaýew Hoşgeldi Hojowowyň ussatlyk bilen beren topuny derwezeden geçirip, hasaby deňledi. 31 ýaşly hüjümçiniň ýadawsyz tagallalaryna garamazdan, oýun ýer eýeleriniň topary üçin 2: 1 hasabynda ýeňiş bilen tamamlandy. Hiran Ahmed aýgytlaýjy pökgüni esasy wagtyň gutarmagyna iki minut galanda tora girizmegi başardy.

Annaewiň salan goly AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň we AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçasyna gatnaşýan Merkezi Aziýanyň komandalary üçin ýeke-täk ajaýyp pursat boldy.

Sebitiň beýleki toparlary hem üýtgeşik tapawutlanyp bilmediler: Daşkendiň «Pahtakor» topary BAE-niň «Al-Wasl» toparyndan (0:1), Duşanbeniň «Istikloly» BAE-niň «Al-Sharja» toparyndan utuldy (0:1), Karşynyň «Nasaf» topary bilen Kulobyň «Rawşany» degişlilikde «Al-Kuweýt» we «Mohun Bagan» toparlary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň