Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen ýaşlar lagerine gatnaşdy

14:5920.09.2024
0
4457

Türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Almaty şäherindäki «Arman Dala» sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirilen «Jastar Generation-2024» atly halkara ýaşlar lagerine (Jastar Generation-2024) gatnaşdy.

«Assambleýa žastary» Respublikan jemgyýetçilik guramasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri girdiler.

Çäräniň çäklerinde ussatlyk sapaklary, taslama menejmenti, medeniýetara kommunikasiýalar, duýgy intellekti, mediýany öňe ilerletmek hem-de beýleki ugurlar boýunça okuwlar geçirildi.

Lageriň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maksat Bugraýew bilim ulgamyndaky innowasiýalara, dil başarnyklaryny we medeniýatara gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan maslahatlara işjeň gatnaşdy. Bilim işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmäge degişli meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapynyň «Jastar Generation-2024» atly halkara ýaşlar lagerine (Jastar Generation-2024) gatnaşmagy hünär taýdan göz ýetimleri giňeltmäge, iň oňat tejribeleri we innowasion çözgütleri ulanmak arkaly häzirki zaman bilim ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça uly tejribe toplamaga mümkinçilik berdi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň maksat edilýändigini görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň