Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:4220.09.2024
0
7328

Türkmenistan we YÖB energetika hem-de ulag pudagynda täze taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistan «Huawei Connect 2024» forumyna gatnaşýar, GDA ýurtlarynyň tohumçylyk pudagynyň hünärmenleri Aşgabatda halkara maslahata ýygnandylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. YÖB-niň ýolbaşçysy bankyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan we giň gerimli durmuş-ykdysady taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Türkmenistanyň YÖB-ne 30 ýyllyk agzalygynyň dowamynda bank saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly ugurlarda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ýurdumyzyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda 19 – 21-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilýän «Huawei Connect 2024» atly halkara sergisine gatnaşýar. Saparyň esasy maksady bilimi sanlylaşdyrmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar. Şu ýylky forum ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanýar.

3. Aşgabatda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ýokary hasylly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem tohumçylyk pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maslahatda ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

4. Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars şygryýetine we edebiýatyna, şeýle-de meşhur eýran şahyry Seýid Muhammet Hüseýin Şahriýaryň hatyrasyna bagyşlanan çäre geçirildi. Bu çärä öňdebaryjy türkmen ýokary okuw mekdepleriniň «Pars dili we edebiýaty» hünäri boýunça bilim alýan talyplary, olara sapak berýän mugallymlary, diplomatlar we medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Dünýäde

6. Britan alymlary adam genomyny innowasion 5D kristalyna ýazdyrmak arkaly uzak möhletli maglumatlary saklamak pudagynda açyş etdiler. Bu tehnologiýa maglumatlary milliardlarça ýyllap saklamagy wada berýär. 5D kristala 360 terabaýt maglumaty, şol sanda adam DNK-synyň doly gurluşyny sygdyrmak mümkindir. Bu maglumat göterijisiniň özboluşlylygy onuň ekstremal şertlere aşa durnuklylygyndadyr: ol 1000°C çenli temperatura, göni urgulara we kosmiki radiasiýa çydap bilýär.

7. Daşkentde GDA ýurtlarynyň kosmos meseleleri boýunça döwletara geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Onda bu guramanyň geljekki başlyklygy barada möhüm karar kabul edildi. Gatnaşyjylaryň biragyzdan kabul eden çözgüdine laýyklykda, Özbegistan 2024-2025-nji ýyllar aralygynda geňeşe başlyklyk eder.

Sport

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy (U-20) 2025-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlaryndan öň türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Özbegistana geldi. Baş tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türgenleşik 23-nji sentýabra çenli dowam eder, şondan soň topar saýlama oýunlara gatnaşmak üçin Gyrgyzystana gider. Türkmenistan «I» toparça düşdi, onda türkmen topary Ýaponiýa, Gyrgyzystan we Mýanma bilen duşuşar. Bu oýunlar türkmen topary üçin diýseň möhümdir, çünki topar ozal Aziýa Kubogy U20 ýaryşyna gatnaşmandy. Hytaýda geçiriljek yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin türkmen topary toparçada birinji orny eýelemeli ýa-da ikinji orny eýelän iň gowy bäş toparyň biri bolmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň