Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşyna taýýarlyk görýär

13:1420.09.2024
0
6931

Türkmenistanyň U-20 milli ýygyndysy 2025-nji ýylda boljak Aziýanyň kubogynyň saýlama oýunlaryndan öň okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirmek üçin Özbegistana geldi.

Baş tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistanda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 23-nji sentýabra çenli dowam eder, şondan soň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy saýlama oýunlaryna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana barar.

Türkmenistan «I» topara düşdi, ol ýerde biziň ýaşlarymyz Ýaponiýanyň (25-nji sentýabrda), Gyrgyzystanyň (27-nji sentýabrda) we Mýanmanyň (29-njy sentýabrda) ýygyndylary bilen duşuşar.

Bu oýunlar Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy üçin diýseň möhümdir, sebäbi biziň ýygyndymyz ozal U20 Aziýa kubogynyň kwalifikasiýa oýunlaryna geçip bilmändi.

Hytaýda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň ýaryşynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin türkmen ýygyndysy toparda birinji orny eýelemeli ýa-da toparda ikinji orny eýelän iň gowy bäş toparyň biri bolmaly.

Saýlama oýunlaryndan öň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ispaniýada birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Ol ýerde biziň ýaşlarymyz Uelsiň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady (2:2), şeýle hem Farer adalarynyň (1:3) topary we Real Mursiýa FK (0:1) bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogynyň saýlama oýunlarynda çykyş etjek düzümi

Derwezeçiler:

Seýran Aşyrow («Ahal»)
Dawut Dawatow («Aşgabat»)
Orazberdi Berdiýew («Arkadag»)

Goragçylar:

Beglimuhammet Bekmyradow («Ahal»)
Hajymuhammet Orazow («Arkadag»)
Gurbangeldi Garajaýew («Ahal»)
Orazmyrat Nepesow («Arkadag»)
Berdimyrat Daňatarow («Ahal»)
Ýolmämmet Garajaýew («Ahal»)

Ýarym goragçylar:

Hangeldi Berdiýew («Arkadag»)
Mekan Ýazmyradow («Merw»)
Ýakupmuhammet Gowşudow («Ahal»)
Mekan Muhammedow («Ahal»)
Ybraýym Amangeldiýew («Ahal»)
Magtymguly Papyýew («Arkadag»)
Begenç Agajumaýew («Ahal»)
Maksat Ilmyradow («Ahal»)
Batyr Begenjow («Merw»)
Gurbanguly Garaýew («Şagadam»)

Hüjümçiler:

Enwer Annaýew («Arkadag»)
Yslam Annamyradow («Ahal»)
Diýargylyç Orazow («Altyn Taç»)
Gurbanmuhammet Esenow («Ahal»)
Magtymberdi Berenow («Ahal»)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň