Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Üzüm» kafesi — Aşgabadyň ýüregine gastronomiki syýahat

11:4420.09.2024
0
12481

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary göwnejaý atmosferaly «Üzüm» kafesinde datly tagamlaryň dünýäsine syýahat etmäge çagyrylýar.

Haýrana goýýan menýu

«Üzüm» kafesiniň menýusynda Ýewropa, türk we panaziýa aşhanalarynyň dürli hili tagamlary hödürlenýär. Kafeniň aşpezleri her bir tagamy taýýarlamakda diňe iň ter we ýokary hilli goşundylary ulanyp, aýratyn üns bilen çemeleşýärler. Menýudaky naharlaryň aglabasy — aşpeziň şäheriň başga hiç bir ýerinden tapdyrmajak özboluşly döredijiligidir.

Bu ýerde taýýarlanylýan süýjülikler hem aýratyn ünsüňi çekýär. Kafeniň konditer önümleri diňe bir tagamy bilen däl, eýsem owadandan näzik dizaýny bilen hem özüne çekiji, edil sungat eseri mysalydyr.

Rahatlyk we oňaýlylyk

«Üzüm» kafesi — bu ýer ýakymly atmosferada dynçlygyň hem-de lezzetiň hezilini duýup bolýan gurşaw. Oňaýly interýer, aýdyň yşyklar we özüne çekiji saz dynç almak we pikir alyşmak üçin ideal şertleri döredýär. Ýylyň maýyl möwsüminde kafeniň myhmanlary bu ýerdäki tomus eýwanynda oturyp, arassa howadan lezzet alyp bilerler.

Myhmanlara has-da göwnejaý bolar ýaly, kafe mugt Wi-Fi ulgamyny hem hödürleýär.

Öýüňize eltip bermek hyzmaty

«Üzüm» kafesi myhmanlara şäheriň çägine we oňa golaý ýerlere naharlary eltip bermek hyzmatyny hem hödürleýär. Indi öýden çykmazdan halaýan tagamlaryňyzy «Üzüme» sargyt edip, naharlaryň datly tagamyny duýup bilersiňiz.

Öňünden stol belledip goýmak ýa-da «Üzüme» tagam sargyt etmek isleseňiz (+993 12) 36 05 00, (+993 63) 55 01 89 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Çary Baýryýew köçesiniň 13-nji jaýy (öňki Mežlauk), «Ak Altyn» myhmanhanasynyň gapdalynda. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň