Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Huawei Connect 2024» halkara forumyna gatnaşýar

22:4419.09.2024
0
5197

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ýurdumyzyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda «Huawei Connect 2024» atly halkara sergisine gatnaşýar, ol 19-21-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilýär. Saparyň esasy maksady bilimi sanlylaşdyrmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynyň habar berşine görä, şu ýylky forum «Akyly işjeňleşdirmek» şygary astynda geçirilýär we ol ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna emeli intellektiň ornaşdyrylmagyna bagyşlanýar.

Forumyň birinji gününde «Huawei» kompaniýasynyň wekilleri, hususan-da, «Huawei» kompaniýasynyň dolandyryş Geňeşiniň başlygy Erik Suý hem-de bu kompaniýanyň dolandyryş Geňeşiniň agzasy we ICT infrastrukturasy boýunça dolandyryş komitetiniň başlygy Deýwid Wan çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda sanly ykdysadyýete geçmegiň ähmiýeti we emeli intellektiň çylşyrymly meseleleri çözmekdäki ornuny aýratyn bellediler.

Türkmen wekiliýetiň agzalary sanly tehnologiýalaryň bilim maksatnamalaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti babatda çykyş edip, onuň okatmagyň hilini gowulandyrmakda we hünärmenleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýän işleriniň depginini ýokarlandyrmakda uly mümkinçiliklere eýedigini bellediler.

Şunuň ýaly giň gerimli foruma gatnaşylmagy Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga uly üns berýändigine hem-de «Huawei» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň