Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

08:4720.09.2024
0
6384

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşykda Yslam ösüş bankynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada şu gezekki saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmek möhüm orny eýeleýär. Bu babatda YÖB bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, onuň netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedigi bellenildi. Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Olar, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly ugurlary öz içine alýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkyň saglygyny berkitmegiň, ömür dowamlylygyny uzaltmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunda lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde YÖB-niň orny bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, bu ulgamda Yslam ösüş banky bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda, energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ulgamynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Ulag ulgamy hem gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy, bu ugurda Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geçirijiligini artdyrmak mümkinçiliginiň uludygy bellenildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň öz tarapyndan ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda Yslam ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi. YÖB bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek barada hem aýdyldy. Şeýle-de YÖB bilen Türkmenistanyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasynda täze, has netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenilip, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň