Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.