Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

R.Meredow we I.Wolynkin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

11:3419.09.2024
0
5871

Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň