Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arassa Nusga» taslamalary dolandyrmak boýunça menejer gözleýär

12:5418.09.2024
0
9119

IT işläp taýýarlamalary we biznes-konsalting pudagynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Arassa Nusga» kompaniýasy taslamalary dolandyrmak boýunça menejer wezipesine boş iş ornunyň bardygyny habar berýär. Prosesleri awtomatlaşdyrmaga, ERP ulgamlaryna we mobil goşundylaryna ýöriteleşen gurama sanly geçiş taslamalaryny dolandyrmak üçin tejribeli hünärmeni gözleýär.

Dalaşgäriň taslamany dolandyrmak işi boýunça, mümkingadar IT ýa-da konsalting pudagynda azyndan üç ýyllyk iş tejribesi bolmalydyr. Agile/Waterfall biliminden baş çykarmagy onuň mümkinçiligini artdyrýar.

Esasy borçlar — taslamanyň ýerine ýetirilişini meýilleşdirmek we gözegçilik etmek, toparlary hem-de resurslary dolandyrmak, müşderiler we kompaniýanyň dürli bölümleri bilen aragatnaşyk saklamak ýaly işleri öz içine alýar.

«Arassa Nusga» bäsdeşlige ukyply aýlyk haklaryny, zähmet ýoluňda üstünlik gazanmagy we çeýe iş tertibini hödürleýär. Kompaniýa innowasion tehnologiýalar arkaly işewürligiň netijeliligini hem-de aýdyňlygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli iş alyp barýar.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler rezýumesini şu salgylanma arkaly ýa-da elektron poçtadan info@arassanusga.com salgysyna iberip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň