Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

19-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açylar

11:3518.09.2024
0
5104

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary 19-njy sentýabrda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli açyljak Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine çagyrylýar.

"Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, sergi "Garagum" myhmanhanasynyň aňyrsyndaky sergi meýdançasynda geçirilýär we 21-nji sentýabra çenli dowam eder.

Serginiň iş meýilnamasy:

19-njy sentýabr - 10.00-dan 18.00-a çenli;
20-nji sentýabr - 10.00-dan 18.00-a çenli;
21-nji sentýabr - 10.00-dan 15.00-a çenli.

Sergi meýdançasynyň ýerleşýän ýeri: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň