Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda howa maýlap başlady

13:1703.09.2024
0
11896

Sentýabr aýynyň başlanmagy bilen Türkmenistanda howa maýlap ugrady. Muny Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyndan hem görmek bolýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:

Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28... +33 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +18 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +32 gradusdan +34... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň