Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sebitlerinde täze mekdepler açyldy

11:1802.09.2024
0
8391

2024-2025-nji, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, Türkmenistanda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Döwrebap mekdepde okuwçylaryň ähli dersleri, şol sanda zähmet derslerini özleşdirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk orta mekdep gapylaryny giňden açdy. Mundan başga-da, welaýatyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 400 orunlyk mekdep açylyp ulanmaga berildi.

Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem Bilimler we talyp ýaşlar gününi täze orta mekdebiň, çagalar bagynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar bilen garşyladylar. Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasyndaky 160 orunlyk çagalar bagynyň, Mary şäherindäki 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabaralary uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurtda guralan dabaraly çäreler türkmenistanlylaryň bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň güwäsidir. Täze orta mekdeplerde döwrebap mebeller, okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň okuw otaglary mugallymlaryň we çagalaryň ygtyýaryna berildi. Okuw otaglarynda gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary biologiýa, fizika, himiýa, geografiýa we beýleki dersleri has çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Olarda aýdym-saz otaglary, sport we medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalaryny, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly, owadan mebelleri bolan oýun we ýatylýan otaglar, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr.

Welaýatlaryň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabaralarynyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň