Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 102 ýyllygy bellenip geçildi

12:4431.08.2024
0
6969

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 102 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol Türkiýe Respublikasynyň öz garaşsyzlygyny gazanmak üçin alyp baran göreşiniň ýeňiş bilen tamamlanandygynyň alamaty bolupdy. Türkmenportal saýtynyň bu çärä gatnaşan habarçysynyň habar bermegine görä, baýramçylyk dabarasy 30-njy awgustda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň rezidensiýasynda geçirildi.

Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýew, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok, Türkiýäniň harby attaşesi Mehmet Ýyldyz, şeýle hem ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň baştutanlarynyň orunbasarlary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýewiň gutlag sözi bilen eden çykyşynda bu baýramçylygyň uly ähmiýetini nygtamak bilen, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp geçdi. Bu gatnaşyklar köp ugurlarda, hususan-da, harby-tehniki hyzmatdaşlykda has-da uly ösüşlere eýe bolýar. Çykyşda aýratyn hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň Goranmak ministrleriniň şu ýylyň iýul, awgust aýlarynda amala aşyran ikitaraplaýyn saparlaryna aýratyn üns berildi. Durdyýewiň sözlerine görä, bu saparlar iki doganlyk ýurduň ýakyndan hyzmatdaşlygyna ýokary ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok öz çykyşynda Ýeňiş gününiň Türkiýe Respublikasy üçin uly taryhy ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, bu baýramyň türk halkynyň gaýduwsyzlygynyň nyşanydygyny we häzirki zaman Türkiýe döwletiniň döredilmeginiň mizemez esasynyň bolandygyny nygtady. Şeýle hem ol Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň bu şanly senä bagyşlanan gutlag hatyny okady.

Bu dabaraly çäre iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkligini alamatlandyrýan sowgat gowşurylyşy bilen tamamlandy. Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýew Türkiýäniň harby attaşesine türkmen halkynyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar sapa-da” atly kitabyny sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň