Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi

21:5730.08.2024
0
9871
Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygy geçirildi. Aşgabat şäherindäki «Garagum» myhmanhanasynyň uly mejlisler zalynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda birnäçe resminama gol çekişildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, owgan tarapyndan bolsa bu ýurduň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini hem-de dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmegi dowam etmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Şeýle-de bar bolan kuwwatlyklary durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtlarda türkmen-owgan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze many-mazmun bermäge, özara haryt dolanyşygyny düýpli artdyrmaga, onuň düzümini we gerimini diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» döwlet kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganysatn — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda Turgundy demirýol bekedinde guruljak desgalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy — Hyrat demir ýolunyň ugrundaky, takmynan, 22 kilometr Turgundy — Sanabar böleginiň Iş meýilnamasyna, «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasy bilen Owganystanyň «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçiriji taslamasy babatynda Kabul edýän tarapynyň Hökümeti bilen Ylalaşyga gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň