Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

07:3727.08.2024
0
7797

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Said Al Taýeri kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşlikde aýdylyşy ýaly, nebitiň we gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini, şeýle hem Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertleri göz öňünde tutup, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň