Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça 18 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy Dünýä çempionatyna gatnaşar

16:3126.08.2024
0
7313

Wengriýanyň Debresen şäherinde 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda basketboluň 3x3 görnüşi boýunça 11-nji dünýä çempionatyna Türkmenistanyň ýygyndysy hem gatnaşar.

Medine Ernepesowadan, Jennet Hajymämmedowadan, Mariýa Salminadan we Milana Ýazberdiýewadan ybarat türkmen ýygyndysy ýaryşyň «B» toparçasynda ýaryşar. Türkmen ýygyndysynyň topardaşlary Ispaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylary bolar.

Türkmenistanly basketbolçy zenanlar ilkinji duşuşygyny 27-nji awgustda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen geçirerler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 20:30-da başlanar.

Dünýä çempionatyna erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň her haýsyndan 20-si gatnaşar. Janköýerler duşuşyklara FIBA 3x3 YouTube kanaly arkaly tomaşa edip bilerler.

Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysynyň 3x3 basketbol boýunça Dünýä çempionatyndaky duşuşyklarynyň tertibi:

27-nji awgust:

20:30 Türkmenistan ― Ispaniýa;

22:45 Türkmenistan ― Wengriýa.

29-njy awgust

21:45 Türkmenistan ― Germaniýa;

23:55 Fransiýa ― Türkmenistan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň