Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:2926.08.2024
0
4701

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise hem-de ýurduň halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gutlag hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny barada aýdyp, döwlet Baştutany Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de onuň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Estoniýanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň