Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» topary «Altyn asyry» ýeňip, Türkmenistanyň çempionatyndaky iň ýakyn garşydaşyndan 14 utuk öňe saýlandy

17:3125.08.2024
0
8267

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 20-nji tapgyrynda «Arkadag» futbol topary paýtagtyň «Altyn asyryny» 5:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, çempion topar ýaryş tertibindäki esasy garşydaşlarynyň birinden uly hasap bilen üstün çykyp, bassyr ikinji çempionlygyna ýene bir ädim golaýlaşdy.

Duşuşykdan soň ýeňiji toparyň ýarymgoragçysy Ilýa Tamurkin «Turkmenportala» beren interwýusynda meýdana kapitanlyk daňysy bilen çykmagyň özi üçin belent mertebedigini aýratyn nygtady. Şeýle hem ol duşuşykda gol bilen tamamlanan jerime urgusynda özüne ynanandygyny aýtdy.

«Arkladag» toparynyň beýleki bäsdeşlerine garanyňda, çempionlyga has ýakyndygyna ünsi çeken Tamurkin bu tapawudy möwsümiň ahyryna çenli goramaga çalyşjakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem ol AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çäklerinde Kuweýtde geçiriljek ýaryş baradaky pikirlerini hem paýlaşdy. Onuň aýdyşy ýaly, garşydaşlar güýçli, ýöne topar dogry türgenleşikler bilen her bir duşuşygyna ýeňiş gazanmak üçin çykar.

Yklym ýaryşlarynyň bosagada duran möwsüminde Türkmenistana «Arkadag» we «Altyn asyr» toparlary wekilçilik eder. «Arkadag» topary ilkinji möwsümine girişýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýurduň sport abraýyny goraýan bolsa, «Altyn asyr» AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-de ýaryşar.

Georgiý ASLANÝAN.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň