Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Musa Nurnazarow «Şagadamdaky» ilkinji goluny «Aşgabadyň» derwezesinden geçirdi

11:5125.08.2024
0
7776

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Şagadam» «Aşgabady» kabul edip, güýçli garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Duşuşykdaky ilkinji goly 61-nji minutda ýakynda Täjigistanyň «Rawşan» toparyndan «kenarlylara» erkin oýunçy hökmünde goşulan Musa Nurnazarow geçirdi.

67-nji minutda toparynyň ikinji goluny geçiren Mekan Aşyrow şondan iki minut soňra ýene bir gezek tapawutlanyp, hasaby 3:0-a çykardy. «Aşgabadyň» hasabyna ýazylan goly bolsa duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 5 minut galanda Didar Tejenow öz derwezesine geçirdi.

Bu duşuşykdan soň «Şagadam» utugyny 27-ä çykaryp, dördünji orundaky ýerini gorady. 16 utukly «Aşgabat» bolsa altynjy orunda galdy.

Indiki tapgyrda «Aşgabat» 29-njy awgust güni «Köpetdag» bilen duşuşar, «Şagadam» bolsa 31-nji awgust güni «Altyn asyryň» myhmany bolar.

Georgiý ASLANÝAN,

TURKMENPORTAL.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň