Duşenbe güni başlanan magnit tupany tamamlandy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-Ýer fizikasy institutyna we Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Häzirki wagtda Kp geomagnit indeksi 2-3 derejede saklanýar, bu Ýeriň rahat ýagdaýyna gabat gelýär» diýlip, habarda aýdylýar.
Alymlaryň pikiriçe, Ýer Gün plazmasynyň buludyndan çykdy, indi tupan gaýdyp gelmese gerek. Emma häzirki wagtda planeta tarap täze partlamalaryň hem-de zyňyndylaryň töwekgelçiligi bar. Alymlar töwekgelçilikleriň ýene iki-üç hepde ýokary derejede saklanjakdygyny belleýärler.
12-nji awgustyň säherinde Ýerde güýçli magnit tupany (G3) hasaba alyndy.