Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Pakistan energetika, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

11:0327.07.2024
0
5561

Türkmen wekiliýetiniň Pakistana saparynyň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, 26-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu saparyň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit ministriniň arasynda gepleşikler guraldy. Onuň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda degişli gepleşikleri geçirmek barada ylalaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistandan Pakistana suwuklandyrylan gazy, gazhimiýa, nebithimiýa önümlerini ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistanyň Hökümetiniň haýyşy boýunça türkmen wekiliýeti “Frontier Works Organization” guramasy we “National Logistics Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda bu düzümleriň işleýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “National Logistics Corporation” kompaniýasy türkmen tarapy bilen Hytaý — Pakistan — Owganystan — Türkmenistan, soňra Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlaryna awtomobil ýük daşamalary boýunça bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.

Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri esasynda, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary höweslendirmek, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmek tejribesini dowam etdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklarda ýokary döwlet we hökümet derejesindäki saparlardyr gepleşiklere möhüm orun berilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, orta möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek, bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisleriniň azyndan iki ýyldan bir gezek guralmagyny ýola goýmak, onuň mejlislerine işewürler toparlarynyň, ylmy edaralaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekillerini gatnaşdyrmak, kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik guralyny döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Durmuş ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda, türkmen diplomatlaryny Pakistanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralýan okuwlara ibermek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda urdu dili bölümini açmak meselelerini öwrenmek teklip edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli geçirilen gepleşikleriň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigini nygtap, hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň