Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda urdu dili öwrediler

12:5027.07.2024
0
43639

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda urdu dili bölümini açmak meselelerini öwrenmek teklip edilýär. Bu barada 26-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda durmuş ulgamynda gatnaşyklar barada bellenilip, türkmen diplomatlaryny Pakistanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralýan okuwlara ibermek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda urdu dili bölümini açmak meselelerini öwrenmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutany syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli geçirilen gepleşikleriň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigini nygtap, hödürlenen teklipleri goldady we daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň