Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» Türkiýedäki ýygnanyşygy: täze transferler we ýoldaşlyk oýunlary

16:3226.07.2024
0
11727

«Ahal» futbol kluby Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji ýarymynda medallar ugrunda göreşmek üçin pugta taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda topar 16 oýunda toplanan 38 utuk bilen Türkmenistanyň çempionatynyň turnir tablisasynda üçünji ýeri eýeläp dur. Birinji orundaky «Arkadag» toparynda 48, ikinji ýerdäki «Altyn asyrda» bolsa 37 utuk bar.

Häzirki wagtda «Ahal» baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Welsähet Öwezowyň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň Kartepe şäherçesinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Toparyň ozalky halypasy Döwlet Annaýewiň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-20) bäş tälimçiligine bellenilendigini ozal habar beripdik.

Toparyň metbugat gullugy birnäçe transfer täzeliklerini hem paýlaşdy. Hususan-da, toparyň düzümine «Aşgabatdan» Azat Rahmanow, «Nebitçiden» Magtymberdi Berenow gelip goşuldy. Şeýle-de «Ahal» we «Arkadag» toparlary özara derwezeçilerini çalyşdylar. Rahat Japarow «Ahala» dolanan bolsa, Rüstem Ahallyýew «Arkadag» toparyna geçdi. Şol bir wagtyň özünde «Ahal» iki oýunçysyny: Şyhdurdy Amandurdyýewi hem-de Orazaly Begnazarowy «Aşgabada» kärendesine berdi.

Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji ýarymyna taýýarlygyň çäginde «Ahal» birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklarynda hem meýdança çykar. Has takygy, 27-nji iýulda «Al-Safa» (Saud Arabystany), 1-nji awgustda «Fethiýespor» (Türkiýe), 4-nji awgustda «Al-Ahdoud» (Saud Arabystany) hem-de 7-nj awgustda «Gol Gohar» (Eýran) toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklary geçiriler.

Bu ýoldaşlyk duşuşyklary tälimçilere toparyň ýakyn wagtda geçiriljek resmi oýunlara taýýarlygyny bahalandyrmaga mümkinçilik berer. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 10-njy awgusta çenli dowam eder. Şondan soňra topar Türkmenistana dolanar hem-de Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynyň çäginde «Energetik» bilen boljak oýna taýýarlanyp başlar. Bu oýun 17-nji awgustda geçiriler.

Şol bir wagtyň özünde, «Ahalyň» düzüminde saglygyny dikeltmegi dowam etdirýän birnäçe şikesli oýunçylar bar. Olar Döwran Hojamämmedow, Igor Sekow hem-de Akmämmet Metdäýewdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň