Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Geçen ýyl 20 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana syýahat etdi

13:3924.07.2024
0
10135

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň syýahatçylyk we sport ministri Ýermek Marjikpaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Tengrinews» habar berýär.

Ministr Ýermek Marjikpaýew syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, Gazagystanda ekoturizm, etnoturizm, agroturizm, işewürlik we başdan geçirmeler jahankeşdeligi ýaly syýahatçylygyň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ministriň aýtmagyna görä, Türkmenistandan Gazagystana syýahatçylaryň akmynyň artmagy iki ýurduň bilelikdäki tagallalarynyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda 20 müňden gowrak türkmenistanlynyň Gazagystana syýahat edendigi nygtaldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň jemleri bilen deňeşdireniňde 4 essä golaý köpdür.

Mundan başga-da, gazak tarapy türkmen syýahatçylyk kompaniýalarynyň Gazagystanda geçirilýän ugurdaş sergilere işjeň gatnaşmagyny teklip etdi.

Ilçi Batyr Rejepow hem öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hasam pugtalandyryp biljek sport we syýahatçylyk ugurlaryna degişli birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda ministr Ý.Marjikpaýew türkmen tarapyny 2024-nji ýylyň 8-14-nji sentýabrynda Astana şäherinde geçiriljek 5-nji Bütindünýä çarwa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň