Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak» atly okuw maslahaty geçirilýär

15:1009.07.2024
0
12038

Şu gün Aşgabatda «Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak» atly iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. ÝHHG-niň (OSCE) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu ýygnak oňa uzakdan gatnaşmaga mümkinçilik berýän gibrid formatynda geçirilýär. Bu barada HHM habar berdi.

Bu okuwa döwlet we hususy habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ministrlikleriňdir pudaklaýyn edaralaryň metbugat gulluklarynyň işgärleri, žurnalistleri taýýarlamak bilen meşgullanýan ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem talyplary gatnaşýar.

Okuw maslahatda bilermen hökmünde litwaly Žiwile Nawiskaýte-Babkin we Dainius Radzýawiçus çykyş edýär. Olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we aragatnaşyk boýunça toplan tejribesi gatnaşyjylara täsirli metbugat hyzmatlaryny döretmek we dolandyrmak boýunça bilimlerini hem başarnyklaryny çuňlaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu okuwyň maksady döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň metbugat hyzmatlarynyň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem Türkmenistanda metbugat ulgamynyň ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr. Gatnaşýanlar diňe bir nazary bilim alman, eýsem, interaktiw sapaklarda we toparlaýyn maşklarda alan bilimlerini synap bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň