Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýada saglygy goraýyşa maýa goýumlary boýunça halkara foruma gatnaşýar

22:2026.06.2024
0
10986

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekiliýeti Bişkekde «Saglyk iň gowy maýa goýumdyr» şygary bilen geçirilýän Merkezi Aziýada saglygy goraýyşa maýa goýumlary boýunça ilkinji halkara foruma gatnaşýar.

Forum Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna agza bolan Aziýa ýurtlarynyň bäşisinde-de durnukly ösüş üçin saglyk maýa goýumlarynyň özgeriş mümkinçiligini görkezmek boýunça halkara, sebit we milli gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi.

Forum Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň howandarlygynda geçirilýär we BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit bölümi hem-de Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan guralýar.

«Demografik we ykdysady görkeziji — Merkezi Aziýanyň ösüşini çaltlaşdyrmak, saglygy goraýyş ýaly möhüm pudaklara maýa goýmak millionlarça adamyň durmuşyny gowulandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär» diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Kluge öz çykyşynda belledi.

Merkezi Aziýada 76,5 million adam ýaşaýar, olaryň 30%-i 14 ýaş ýa-da ondan kiçi ýaşlylardyr. Soňky iki onýyllygyň dowamynda erkekleriň ömri ortaça 5,2 ýyl, aýallar üçin 4 ýyl ýokarlandy. Eneleriň ölümi iki esse azaldy.

Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak üçin «Ýol kartasy» kabul edileli bäri Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan 11 ugur boýunça saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň metbugat beýanatyna görä, forumyň ýene bir maksady saglyk infrastrukturasyna we innowasiýa maýa goýmak üçin täze hyzmatdaşlygy hem-de borçnamalary döretmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň