Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Özbegistana işewürlik maksady bilen daşary ýurtlularyň 38,4 müňüsi bardy diýip, ýurduň Statistika edarasyna salgylanýan «Darýo.uz» habar berdi.
Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,7 esse köpdür.
Respublika işewürlik maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça öňdeligi Türkmenistan eýeledi, bu görkeziji 23 376 adama deň boldy. Sanawda soňra 11 186 san görkeziji bilen Täjigistan, üçünji orunda 1087 adam bilen Owganystan ýerleşdi.
Sanawda ilkinji bäşlikde şeýle-de Hytaý (547 adam) weTürkiýe (410 adam) orun aldy.