Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy liderine gynanç bildirdi

06:1721.05.2024
0
11764

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy çuňňur gynanjyny bildirdi. Bu barada TDH ýazýar.

«Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet ýolbaşçysy bolup, Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi» diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle-de Eýranyň dostlukly halkyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan hem-de hut öz adyndan ýürekden duýgudaşlygyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň