Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Gürgen şäherinde saparda boldy

13:1919.05.2024
0
11973

Türkmenistanyň wekilçilikli topary Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynyň Gürgen şäherinde zyýarat sapary bilen boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň görnükli wekilleriniň biri bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň we akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň taryhy ähmiýeti bolan wakalara hem-de ýatda galyjy pursatlara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gürgen şäheri welaýatyň edara ediş merkezi bolmak bilen, ol Hazar deňzinden 30 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär. Türkmenistanyň çäginden geçýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem hut şäheriň üstünden geçýändigini bellemeli.

Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň we ýerli medeniýet hem-de sungat wekilleriniň guramagynda ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çärelerde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi öz beýanyny tapdy. Şunda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Gündogaryň beýik söz ussady hökmünde ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna goňşy ýurtlarda, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynda hem uly ähmiýet berilýär.

Şol gün Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Onda akyldar şahyryň ýubileý dabaralaryny giňden ýaýbaňlandyrmak we şahyryň döredijilik dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň